Ýu­pi­te­ri öw­re­ner

30 Sentýabr 2021
1419

ABŞ-nyň Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy NA­SA Ýu­pi­te­ri has ýa­kyn­dan öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len kos­mos gä­mi­si­ni uçu­rar. Pla­ne­ta­nyň «Truva» at­ly as­te­ro­id­le­ri­ni öw­ren­mä­ge ýar­dam et­jek en­jam 4,5 mil­liard ýyl ozal eme­le ge­len Gün ul­ga­my ba­ra­da hem tä­ze mag­lu­mat­la­ry top­la­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. 16-njy okt­ýabr­da uçu­ryl­jak kos­mos gä­mi­si «Lucy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. «Lucy», esa­san, pla­ne­ta­nyň tö­we­re­gin­dä­ki top­bak gör­nüş­li as­te­ro­id­ler to­pa­ry­nyň iki­si­ni öw­ren­mä­ge ýar­dam eder. Tas­la­ma­nyň ýol­baş­çy­sy Hal Le­wi­son «Truva» as­te­ro­id­le­ri­niň je­mi sa­ny­nyň 7 müň­den gow­rak­dy­gy­ny, ola­ryň hä­si­ýet­le­ri­niň biri-bi­rin­den örän ta­pa­wut­ly­dy­gy­ny aýt­dy. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, bu as­man ji­sim­le­ri­niň reňk­le­ri we fi­zi­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ hem tapawutly.

«Lucy» as­man ji­si­mi­ne 400 ki­lo­met­re çen­li go­laý­lar, as­man ji­si­mi­niň mas­sa­sy­ny, dy­kyz­ly­gy­ny we göw­rü­mi­ni öw­re­ner.

Beýleki habarlar