Il­kin­ji ge­zek gir­di­ler

30 Sentýabr 2021
1318

Dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de tä­sin go­wak­lar, ýe­ras­ty köl­ler we gu­ýu­lar ga­bat gel­ýär. Köp­lenç, bu go­wak­lar­da ir­ki dö­wür­le­re de­giş­li su­rat­la­ra ýa-da gu­ral­la­ra ga­bat gel­mek bol­ýar. Tä­sin go­wak­la­ryň bi­ri hem Ýe­men­de bo­lup, hä­zi­re çen­li hiç kim onuň düý­bü­ni görmändir. Be­re­hut gu­ýu­sy at­ly go­wa­ga il­kin­ji ge­zek um­man­ly hü­när­men­ler gir­di­ler. Go­wak­la­ry öw­ren­mek bi­len meş­gul­lan­ýan to­par çuň­lu­gy 112 metr bo­lan go­wa­ga gi­rip, ol ýer­de nä­me­le­riň bar­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Hü­när­men­ler gu­ýy­nyň düý­bün­de ýy­lan, gur­ba­ga ýa­ly jan­dar­la­ryň we mör-mö­jek­le­riň ýa­şa­ýan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Go­wa­gyň için­de sta­lag­mit­le­riň (go­wak­lar­da de­pe­sin­den dam­ýan hek­li dam­ja­lar­dan eme­le gel­ýän ko­nus şe­kil­li sü­tün­jik) bar­dy­gy öw­re­nil­di. Bu ýer­dä­ki sta­lag­mit­le­riň iň uzy­ny­nyň 9 met­re ba­ra­bar­dy­gy mä­lim edil­di. Açy­şa gat­na­şan geo­log Mu­ham­med al-Kin­di go­wa­gyň düý­bün­den suw, daş we top­rak nus­ga­la­ry­ny alan­dyk­la­ry­ny, em­ma en­tek ola­ry do­ly öw­ren­män­dik­le­ri­ni bel­le­di. Bu ba­ra­da «Live Science» žur­na­lyn­da ha­bar be­ril­ýär.

Aba­dan Reý­so­wa,

Beýleki habarlar