Ekologiýa syýasaty dabaralanýar

20 Sentýabr 2021
1613

Häzirki wagtda dünýäde global ýylama giňden ýaýbaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bu ugurda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ynsanperwerligiň ýokary nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyz diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, sebitiň, dünýäniň halklarynyň aladasyny etmek maksady bilen umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär.

Ýeriň daşyndan aýlanýan hemralardan we Ýerdäki gözegçilik merkezlerden alynýan maglumatlar howadaky parnik gazlarynyň ýaramaz galyndylarynyň, esasan hem, kömürturşy gazynyň artýandygyny görkezýär.

Babamurat HALOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar