Arassa howa — ömrüňe dowam

15 Sentýabr 2021
1386

Tebigatyň perzendi bolan ynsana iň gerekli zatlaryň biri-de — howadyr. Has dogrusy, tämiz howadyr. «Howa» diýmek — «nepes» diýmek, «dem» diýmek. Halkymyzda «nepesiňi durlamak», «demiňi dürsemek» diýen ýaly düşünjeler hem adamyň ruhy we beden sagdynlygy bilen berk baglydyr.

Tebigat düzülgi duran dutar mysaly. Onuň mylaýym äheňde owaz edip durmagy-da belli bir derejede adama bagly. Ynsan bilen tebigatyň gatnaşygynyň üzülen ýa-da gowşan halatynda bizi gurşap alýan ähli zatlara zeper ýetýär. Hut şonuň üçinem, adama näzik hem özdiýenli tebigata bolan gatnaşykda iňňän seresap bolmak hökmany. Çünki ol özüniň ýekeje hereketi bilen tebigatyň onlarça, hatda ondan hem köpýyllyk gözelligine täsir edip bilýär.

Aýgül GARAÝEWA,
«Esger».
Beýleki habarlar