Zeminiň zynaty

13 Sentýabr 2021
1518

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly ajaýyp kitabynda: «Şäherleriň we obalaryň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmegiň, ilatyň oňat ýaşamagy we dynç almagy üçin ýokary oňaýly şertleri döretmegiň möhüm faktory hökmünde «Gök guşak» maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet ekologiýa syýasatynyň çäginde şäherleri we ilatly ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça «Ýurdumyzy bagy-bossana öwreliň!» şygarynyň astynda köpýyllyk işler durmuşa geçirilýär. Giň ýaýrawly gök guşaklyklaryň döredilmegi durmuşyň hiliniň ýokarlanmagyna, ilatyň saglygynyň gowulanmagyna itergi berip, ýurduň ekologiýasyna oňaýly täsirini ýetirýär» diýip belleýär.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli we çuňňur ynsanperwerlige ýugrulan syýasatynyň esasynda ýurdumyzda durnukly ösüşiň ähli maksatlaryna, şol sanda ýurdumyzda tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek babatdaky maksada ýetmegiň ýolunda durmuşa geçirilýän giň gerimli möhüm çäreler bagtyýar raýatlarymyzyň kalbynda egsilmez şatlyk we uly buýsanç duýgularyny döredýär. Bu işler tebigaty goramak we tokaýlaryň meýdanyny giňeltmek bilen baglydyr. Tokaýlar — bu barlygy arassa howa bilen üpjün edýän hazyna.

Gülhumar BALLYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar