“Adam-tebigat” ulgamyndaky özara gatnaşyklar

13 Sentýabr 2021
1866

Ekologiýa meselesi, tebigaty we daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak häzirki döwürde bütin dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Adamzat jemgyýetiň tebigat bilen özara gatnaşygynyň häsiýetini üýtgetmek bilen bütin taryhyň dowamynda daşky gurşawa täsir etmekde öz ukybyny ösdüripdir we kämilleşdiripdir. Tebigat-adamzat ýaşaýşynyň gurşawydyr. Giň manyda aýdylanda ýaşaýyş dünýäniň anyk ýüze çykmasynyň tükeniksiz köpdürliligidir. Bu adamyň aňyna garamazdan, ondan daşary bar bolan obýektiw hakykylykdyr. Tebigat’ gysga manyda bütin maddy dünýäni, dünýäniň tebigy bölegini, adamyň ýaşaýşynyň tebigy gurşawyny aňladýar.

Adam tebigatyň bölegi, ol tebigatda diňe onuň kanunlaryna garaşly bolup ýaşap bilýär. Bu jemgyýetiň ýaşaýşynyň dürli taraplaryna, ilki bilen hem, maddy önümçiligiň ösüşine möhüm täsirini ýetirýär. Adam özüne gerek zatlary tebigatdan alýar. Ýaşaýşyň emeli gurşawy, bu adamyň döreden ähli zatlarydyr: dürli görnüşli predmetler, eldekileşdirilmegiň we seçgi işleriniň netijesinde ösdürilip ýetişdirilen haýwanlar we ösümlikler. Emma adamyň bu döreden ähli zatlary tebigatyň ýok ýerinde mümkin bolmazdy. Şonuň üçin, adamyň we tebigatyň arasynda deňagramlylygyň saklanylmagy barada hemişe alada edilmegi zerurdyr, tebigatdan diňe almaly däl-de, eýsem oňa gaýtarylyp hem berilmelidir. Munuň üçin adamyň we tebigatyň özara gatnaşygynda deňagramlylygy saklamaly, onuň sarp edijilik gatnaşygynyň üýtgemegini gazanmaly hem-de önümçiligiň ekologiýa taýdan amatly bolmagy üçin şertleri döretmek zerurdyr.

Beýleki habarlar