Tokaýy ýangyndan goralyň!

12 Sentýabr 2021
1287

Tokaý zolaklary bizi ýaşaýyş üçin zerur bolan arassa howa bilen üpjün edýär. Bagy-bossanlyk güýçli ýelleriň badyny gowşadyp, suw joşgunlaryndan goraýar, tomsuna howanyň gyzgynlygyny salkyn saýasy bilen peseldýär. Häzirki döwürde tokaý zolaklaryny döretmek, baýlaşdyrmak we olary ýangyndan gorap saklamak boýunça biziň goraghanamyzda netijeli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda döwlet ätiýaçlygynyň, daýhan birleşikleriniň çäklerine girýän tokaýly meýdanlar juda köp. Köplenç, şol tokaý meýdanlarynda we onuň ýanaşyk ýerlerinde adamlar tarapyndan hojalyk işleri amala aşyrylýar, mal bakylýar, tarp ýerler özleşdirilip, ekin ekilýär. Höwesjeň balykçylar derýada balyk tutýarlar, tokaýda dynç alýarlar.

Umitjan HUSEÝINOW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar