Gal­ma­gal­ly jan­dar­lar

2 Sentýabr 2021
1226

Kä­bir jan­dar­lar göw­re­si ki­çi bol­sa-da, bat­ly ses çy­kar­ýar­lar. Olar şeý­le se­si haý­sy­dyr bir how­puň go­laý­la­ýan­dy­gy­ny beý­le­ki­le­re ha­bar ber­mek, baş­ga bir jan­da­ry gor­kuz­mak we baş­ga-da bir­nä­çe se­bäp­ler­den çy­kar­ýar­lar. Şeý­le ga­ty ses­li jan­dar­la­ryň kä­bi­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat­la­ry si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris:

Ka­şa­lot. Kit­ler toparyna de­giş­li uly süý­dem­di­ri­ji de­ňiz jan­da­ry bo­lan ka­şa­lot Ýer ýü­zü­niň iň bat­ly ses çy­kar­ýan jan­da­ry ha­sap­lan­ýar. Onuň se­si 200 de­si­bel­den geç­ýär. Em­ma ses suw­da ho­wa­da­ky­dan, ýag­ny ýer­dä­ki­den has çalt he­re­ket ed­ýär. Bu ýag­daý göz öňün­de tu­tu­lan­da, alym­lar onuň se­si­niň howada, ýagny gury ýerde 170 de­si­be­le ba­ra­bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Beýleki habarlar