Geçmişimize şaýat bolan galalar

1 Sentýabr 2021
1120

Köýtendag etrabyndaky taryhy we arheologik ýadygärlikler, esasan, iki topara bölünýär. Olaryň bir topary demirgazykda, ikinji topary bolsa uly çöketlige meňzeş insiz ýeriň günorta böleginde ýerleşýär.

Demirgazyk tarapda iki depe bar. Olaryň biri — Mulzamata depesi. Köýten derýasynyň sag kenarynda, adybir obanyň demirgazyk tarapynda, takmynan, bir kilometr aradaşlykda ýerleşýän bu depe uzaklardan görünýär. Onuň beýikligi 14 metre ýetýär. Depäniň günbatar böleginiň nal şekilli biraz gyzaryp durandygy bildirýär. Umumy görnüşinde we oýulan ýerinde diwarlarynyň ýonulan we togalak daşlardan örülen bölekleri görünýär. Kä ýerlerinde çig kerpiçler ulanylypdyr. Bu ýerden tapylan taryhy tapyndylar özüniň düzümi boýunça köpdürlüdir we örän çylşyrymlydyr. Şeýle hem bu ýerde antik eýýamyna degişli küýzegärçilik önümleriniň böleklerine gabat gelmek bolýar. Olaryň käbirlerini anyklamak kyn. Ýöne obada orta asyrlarda ýaşaýyş bolupdyr diýip, ynam bilen aýtmaga doly esas bar.

Oral TEMIROW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar