Armyt

30 Awgust 2021
1208

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezinde miweli bag ösümlikleriniň genofondunyň düzümini baýlaşdyrmagyň, öň ösüp oturan baglary täze ýaş nahallar bilen çalyşmagyň, hususan-da, olaryň sort aýratynlygy göz öňünde tutulyp, ylmy esaslarda ösdürip ýetişdirmegiň kämil innowasion tehnologiýasy öwrenilýär. Bu ýerde Günorta-Günbatar Köpetdagyň, Merkezi Köpetdagyň dag eteklerine, jülgelerine her möwsümde meýdan iş saparlary guralyp, ylmy-gözleg işleriniň geçirilmegi netijesinde, ýabany we medeni miweli baglaryň bar bolan görnüşleri bellige alnyp, ösümlik gorlarynyň ýygyndysyna goşulýar.

Türkmen tebigatynda azyklyk hem-de dermanlyk ähmiýeti bilen tapawutlanýan miweleriň biri-de armytdyr. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda ylmy-önümçilik synag merkezinde armydyň görnüşlerine baglylykda, bioekologiýa aýratynlyklary esasynda ony ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly ylmy-amaly işler alnyp barylýar.

Bilbil ANNAORAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkeziniň başlygy.
Beýleki habarlar