Ak ýollar — ömrümiziň rahatlygy

21 Awgust 2024
59

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolmagy üçin bölümçämiziň gözegçileri uly tagallalary edýärler. Şeýle tagallalaram köçelere we ýollara berk gözegçiligi ýola goýmakdan ybaratdyr. Awtoulaglaryň mukdarynyň ýylsaýyn ýokarlanmagy köçe-ýollarda hereketiň has artmagyna getirýär. Bu ýagdaý sürüjilerdenem, gözegçilerimizdenem jogapkärçiligi talap edýär.

Biz düşündiriş çäreleriniň talaba laýyk geçirilmegine-de uly üns berýäris. Sebäbi, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünleriniň düşündirilmegi geljekde ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda ähmiýeti örän uly bolýar. Şonuň üçinem etrabymyzyň edara-guramalaryň sürüjileri bilen duşuşyp, howpsuzlyk kadalary hakynda düşündiriş işlerini geçirýäris. Abadan ýollar hakda edýän aladalarymyzyň ýerine düşýändigini ýatlamak ýakymly duýgulary döredýär.

Beýleki habarlar