Dumly-duşdan dürli-dümen

21 Awgust 2024
65

El şekilindäki syn ediş meýdançasy

Hytaýyň Gu Lung jülgesiniň tebigaty, arassa dag howasy, owadan peýzažy bu ýere gelýänlerde ýakymly täsirleri galdyrýar. Belentlikdäki syn ediş meýdançasynyň gurulmagy gözellikleri ýokardan syn etmek üçin täze mümkinçilikleri döretdi. «Buddanyň eli» diýlip atlandyrylan syn ediş meýdançasy adamyň bir eliniň şekilindedir. Ol kert gaýanyň ugry boýunça 20 metre uzalyp gidýär. Birnäçe basgançak arkaly eliň aýasyna çykyp, deňiz derejesinden ýüzlerçe metr belentlikden daş-töweregiň ajaýyplyklaryny synlap bolýar. Aşakda bolsa kölüň gözellikleri ýaýylyp ýatyr. Gorag maksady bilen basgançaklaryň aşagynda tor gurnalandyr.

Beýleki habarlar