Watana wepalylygyň belent nusgasy

20 Awgust 2024
82

Umumadamzat paýhasynyň dürler hazynasynda, şol sanda türkmen halkynyň paýhas käninde ynsanyň belent ahlak häsiýeti hökmünde, ilkinji nobatda, watansöýüjilik bellenilýär, wagyz edilýär. Şu aýdylanlardan ugur alnanda, esasan, Watany söýmek, oňa wepaly bolmak, ony döş gerip goramak, umuman, Watan ogly bolmak ündelýär.

Bu ýöne ýerden däl. Watanyny jany-teni bilen söýýän, oňa buýsanýan adam Diýarynyň şanly şu güni, beýik geljegi üçin edermenlik, gaýratlylyk, zähmetsöýerlik görkezip, taýsyz tagalla edýär. Hut şonuň üçin ata-babalarymyz nesillerine Watana wepaly bolmagy, nijeme asyrlyk geçmiş taryhymyzda uly orny eýelän beýik şahsyýetlerimiz Görogly, Jelaleddin, Alp Arslan ýaly gerçeklerden görelde, Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Jygaly begiň, Magtymgulynyň, Seýdiniň watansöýüjilik ündewlerinden sapak almagy ündäpdirler. Goja taryhyň geçen döwürlerinde türkmen halkynyň ýurt goran gerçekleri Watana wepalylyk bilen şanly ýeňişleri gazanypdyrlar, beýik işleri bitirip, öz atlaryny taryhyň altyn sahypalaryna, halkyň hakydasyna baky ýazypdyrlar. Bu babatdaky oňyn ýörelge, asylly görelde dowamat-dowam bolup, asyrlardan-asyra, nesillerden-nesle geçip gelýär.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar