Awaza –halkymyzyň buýsanjy

16 Awgust 2024
79

Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ry ýur­du­my­zyň hem-de dün­ýä­niň tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk me­ka­ny­na öw­rül­di. Go­ja­man Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da köp san­ly kaşaň myh­man­ha­na­lar, ça­ga­la­ra we ululara ni­ýet­le­nen sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri, kot­tej­ler­dir se­ýil­gäh-dynç alyş top­lum­la­ry peý­da bol­dy. Ne­ti­je­de, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki dynç alyş, sy­ýa­hat­çy­lyk hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mer­ke­zi hök­mün­de yk­rar edil­di.

«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň ta­ry­hy 2007-nji ýy­lyň maý aýyn­dan göz­baş al­ýar. Şol aý­da de­ňiz ýa­ka­syn­da­ky Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň we Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň du­şu­şy­gy ge­çi­ri­lip, on­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz de­ňiz ýa­ka­syn­da dün­ýä de­re­je­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny dö­ret­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sür­di. Şon­dan soň­ra bu ýer­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­lan­dy.

Beýleki habarlar