Düşündiriş işleri netijeliligi bilen tapawutlanýar

15 Awgust 2024
136

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Babadaýhan etrap prokuraturasynyň, etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda etrabyň çäginde wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Häzirki günlerde etrabyň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň işçi-hünärmenleriniň arasynda guralýan duşuşykdyr maslahatlarda ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, kanunçylygy düşündirmek maksady bilen täsirli çykyşlara aýratyn üns çekilär.

Wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň barşynda Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlarynda bolup geçýän wakalar, ösüşler we özgertmeler hakda hem gürrüň edilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda olaryň ähmiýeti barada aýdylýar. Çykyşlarda milli kanunçylyk, hukuk namalary düşündirilip, kanunçylygyň talaplaryny berjaý etmek, ýaramaz endiklerden daşda durmak, maşgala gymmatlygy bilen bagly degerli maslahatlar berilýär. Munuň özi ildeşlerimizde uly täsirleri döredýär.

Rejepmämmet ESENOW,
Babadaýhan etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar