Mekdep bazarlarynda söwdalar gyzyşýar

9 Awgust 2024
129

Täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýän häzirki günlerde Daşoguz şäheriniň bazarlarynyň ýanynda, söwda merkezlerinde hereket edýän mekdep bazarlarynda okuw esbaplarynyň, egin-eşikleriň, dürli görnüşli harytlaryň bolçulygy döredildi. Ata-eneler säher bilen bu ýere gelýärler we ak mekdebiň gujagyna doljak çagalarynyň göwün saýlan zatlaryny alyp berip, olary begendirýärler. Uzyn hatar tutup oturan dükanlarda mekdep üçin zerur zatlaryň baryny tapmak mümkin. Adamlaryň islegi barha artýar. Şonuň bilen deň derejede söwda ulgamy, hyzmat ediş toplumy ösýär, döwrebaplaşýar, kämilleşýär. Telekeçilige, täjirçilige giň ýol açylmagy okuw esbaplarynyň, ýörite mekdep egin-eşikleriniň köpdürlüligini döredýär.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde, tikinçilik işini ýöredýän hususy kärhanalarda öndürilen önümler söwda hatarlaryna aýratyn bezeg berýär. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän şeýle önümler uly isleg bilen satyn alynýar.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar