Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalanýar

8 Awgust 2024
135

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda gazanylýan üstünlikler raýatlarymyzyň buýsanjyny artdyryp, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrýar. Dünýä döwletleri, iri halkara guramalar, hususan-da, BMG bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk täze mazmuna eýe bolýar. Bu hakykat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrylan işlerde-de aýdyň görünýär.

Halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda we giňeltmekde ýokary derejedäki saparlaradyr gepleşiklere aýratyn orun degişlidir. Şu ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy türkmen-rus dostlugyny pugtalandyrmak babatda nobatdaky möhüm ädim boldy.

«Adalat».
Beýleki habarlar