Demokratik ösüşiň aýdyň ýoly

8 Awgust 2024
143

Ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini kämilleşdirmäge, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Il-ýurt bähbitli meseleleri halkdyr ýaşulular bilen geňeşip çözmek türkmeniň gadymdan gelýän häsiýetli aýratynlygydyr. Häzirki wagtda halkymyzyň bu ajaýyp syýasy we durmuş tejribesi giňden ulanylýar. Munuň şeýledigini jemgyýetçilik gurluşynyň iň gadymy düzümleriniň biri bolan Halk Maslahatynyň mysalynda görmek bolýar.

Her bir halkyň we döwletiň durmuşynda diňe bir häzirki nesilleriň däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem ykbalyny kesgitleýän wakalar bolýar. 2007-nji ýylyň 14-nji fewralynda halkymyzyň durmuşynda taryhy waka boldy. Şol gün geçirilen Halk Maslahatynda Gahryman Arkadagymyz ilkinji gezek Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek bilen, ýurdumyzy ösdürmek babatda maksatnamalaýyn çykyş etdi. Geçen taryhy döwürde gazanylan guwandyryjy üstünlikler, ýetilen belent sepgitler türkmen halkynyň öz ykbaly üçin mynasyp baştutany saýlandygyny görkezdi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen döwletimiz dürli ulgamlarda — ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, sportda, oba hojalygynda, senagatda, gurluşykda, ulag-aragatnaşykda uly ösüşlere eýe boldy.

Maksatmyrat MYRADOW,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň başlygy.
Beýleki habarlar