Köňül päkligi — ynsan kämilligi

8 Awgust 2024
105

Gahryman Arkadagymyz «Parahatlyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «...parahatçylygy dabaralandyrýan, milli sungatymyzy belende galdyrýan «Şükür bagşy» eserinde külli türkmeniň ebedi ygrarly häsiýeti jemlenendir. Ol toprak ýaly sahawatly, kiçigöwün, geçirimli, seri asman ýaly belent ata-babalarymyzyň äleme bolan tagzymynyň hulk-häsiýetdäki şöhlelenmesidir» diýip parasatlylyk bilen ýazýar. Türkmeniň bu belent häsiýetleri özara durmuş gatnaşyklarynda her birimiziň bezegimizdir.

Türkmençilikde dartgynly ýagdaýlar dörände: «Sen paýhaslyrak bolaýmaly ekeniň-dä» ýa-da «Biriň artyk bolaýmaly-da» diýilýär. Adatça, geçirimlilik ahlak gatnaşyklarynda ýüze çykyp, esasan, maşgala agzalarynyň, şeýle hem ýakyn garyndaşlaryň arasynda köp duş gelýär. Geçirimliligiň zähmet toparlarynda duş gelýän käbir pursatlary dogrusynda atasy bilen agtygynyň arasynda bolan söhbetdeşlige ünsüňizi çekmekçi bolýarys. Belki-de, şu gürrüňdeşlikden ýaş hünärmenler üçin sapak edinerlik ündewler tapylar.

Taganmyrat GOÇYÝEW,
hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent.
Beýleki habarlar