Hazar — parahatçylygyň, ylalaşygyň deňzi

7 Awgust 2024
108

Häzirki döwürde Hazar deňzi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu wajyp ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda ähmiýetli işleri alyp barýar. Hazar deňziniň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine gulluk edýän mümkinçiliklerini ösdürmegi üpjün etmek döwrüň möhüm meselesi bolup durýar. Şol dogrusynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmenistan Hazarýaka sebitde bolup geçýän ähli möhüm hereketlere işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, bu ugurda parahatçylyga, ylalaşyga, özara ynanyşmaga we netijeli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýdyň görkezýär» diýip belleýär. Şonuň üçin bu sebit hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhüm merkezi hökmünde çykyş edýär.

Taryha ser salsak, 2003-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Tähranda Hazarýaka döwletleriň Prezidentleriniň gol çeken Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Şol gün hem «Hazar deňziniň güni» diýlip yglan edildi. Bu taryhy seneden bäri her ýylyň 12-nji awgusty dostluk deňziniň güni hökmünde bellenilýär. Şondan soňky döwürde Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamakda, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklary berkitmekde we bu ugurda alnyp barylýan beýleki degişli çärelerde oňyn netijeler gazanyldy.

«Esger».
Beýleki habarlar