Arkadag şäheri — milliligiň we täzeçilligiň aýdyň ýoly

7 Awgust 2024
125

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag şäherini ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle netijeli işleriň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Arkadag şäherinde nobatdaky iş saparynda boldy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady.

Gahryman Arkadagymyz täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy we Arkadag şäheriniň häkimi şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler. Şonda Milli Liderimize Çeper halyçylyk kärhanasynyň guruljak ýeriniň çyzgylary we toplumyň golaýynda ýerleşdiriljek binalar, kärhananyň beýleki desgalar bilen aradaşlygy barada hasabat berildi. Şol bir wagtyň özünde, önümçilik toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça meýilleşdirilen işler hasabatyň özenini düzdi.

«Esger».
Beýleki habarlar