Mertligiň mertebeli menzilleri

7 Awgust 2024
119

Ynsany bezeýän şeýlekin ýagşy häsiýetler bar. Her bir ynsan olary ykbalynyň dowamynda özüniň bitiren ýagşy işleriniň üsti bilen gazanýar we şahsyýet hökmünde kemala gelýär. Gürrüňimizi mertlik ýaly naýbaşy hem ýagşy häsiýetleriň biri hakyndaky pikirlere utgaşdyrmakçy. Galyberse-de, şahsyýet diýlende, biziň halypamyz — Türkmenistanyň Içeri işler gullugynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň şöhratly ömür ýoly hakydamyza dolýar.

Il içinde: «Ata Watan, ene toprak» diýen sözleri köp eşidýäris. Çünki paýhasly pederlerimiz öz perzentlerine ata Watany goramagy, nuranadan mährem käbelerimiz bu topragy söýmegi wesýet etmekden irmeýärler. Terbiýe babatdaky gürrüňimizi has aýdyň şöhlelendirmekde kalby ylhamly Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplary nusgalyk çeşmedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserleri tutuşlygyna diýen ýaly ömür ýolunda nusgalyk ýol görkezen, asylly beýik ahlak sypatlary boýunça nusgalyk hem-de öz durmuşynyň uniwersiteti hasaplan halypasy Mälikguly aga bagyşlanýar. Has dogrusy, «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserinde kakasy Mälikguly aganyň nusgalyk ýoluny köp wagtlap öwrenendigi we ýene-de öwrenmegiň özi üçin perzentlik borçdugyny nygtaýar.

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar