Dumly-duşdan dürli-dümen

7 Awgust 2024
54

Gün elektrik beketleri

Dünýäde iň uly Gün elektrik beketleri Hindistanda we Hytaýda ýerleşýär. Şu wagta çenli şeýle beketleriň arasynda Hindistanyň tutýan meýdany 57 inedördül kilometr, kuwwaty 2245 megawat bolan bekedi iň ulusydy. Iýun aýynda ulanyşa berlen Hytaýdaky Günden energiýa alýan beket ululygy boýunça öňdäki orny eýeledi. Ol daşky täsirlerden goramak üçin iki gat aýnaly 5 million Gün panellerinden ybarat bolup, 133,5 inedördül kilometr meýdany eýeleýär. Çölde gurlan Midong atly Gün elektrik bekedi 9 million ilaty bolan şäheri bir ýyllap elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ukyplydyr. Kuwwaty 3,5 gigawat bolan bekediň işlemegi üçin 200 kilometrden gowrak elektrik geçirijisi çekildi, 5 sany kiçi beket guruldy. Energiýanyň çeşmesi bolan Günden peýdalanmak arkaly elektrik toguny almak ekologiýa taýdanam peýdalydyr.

Beýleki habarlar