Ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyryp

7 Awgust 2024
115

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we olaryň durmuşyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri döretmäge, ösüp gelýän ýaş nesli hemmetaraplaýyn goldamaga uly ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada Türkmenistanyň halkara kadalara hem-de ata-babalarymyzdan miras galan belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Milli we ählumumy derejede adamzadyň üstünliklerine hormat goýýan ýurdumyzda geçmişde gazanylanlary geljek bilen sazlaşykly ösdürmekde adam gymmatlyklarynyň iň belent derejede gadyrlanmagy, ylaýta-da, çaganyň ykbalyna jogapkärçilikli garaýşyň her bir işde ileri tutulmagy bilen, döwletimiziň öz ösüş ýoluny ynamly dowam etdirýändigini aýratyn bellemek gerek.

Maral SAPAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar