Şöhraty dünýä dolan mekan

6 Awgust 2024
133

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby şu şanly ýylda halkymyza sowgat edilen ajaýyp eserdir. Ildeşlerimiziň ýankitabyna öwrülen bu eser kitaphanalaryň gaznasyny has-da baýlaşdyrdy. Halkymyzyň şöhratly taryhy, baý medeni mirasy, gadymy Änew medeniýeti barada söhbet açýan gymmatly kitap bu gün Ahal welaýat, etrap merkezi kitaphanalarynyň hem-de kitaphana şahamçalarynyň bezegi bolmak bilen, okyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýar. Bu kitaby okanyňda gadymy Änewiň buýsançly taryhynyň, Ahal ýaýlasynyň ösüşli menzilleriniň, şu gününiň, taryhy sebiti has-da özgertmekde öňde duran maksatlaryň öz beýanyny tapýandygyna uly buýsanç bilen göz ýetirip bolýar.

Ahal welaýat kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynyň baý many-mazmuny dogrusynda okyjylaryň arasynda geçirilýän söhbetdeşlikleriň netijeliligini gazanmakda mynasyp tagallalar edilýär. Şeýle söhbetdeşlikleriň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çäreler bilen utgaşdyrylmagy olaryň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär.

Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar