Ugur — mekdep bazaryna

5 Awgust 2024
121

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda-da täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyna giň gerim berildi. Şu günler welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan bazarlaryň 6-synyň, dükanlaryň 56-synyň ýanynda gurnalan göçme söwda nokatlaryna gelýänleriň sany barha artýar.

Mekdep bazarlaryndaky okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplardyr beýleki harytlar köpgörnüşliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň hiliniň ýokary, bahalarynyň hem elýeterli bolmagy müşderilerde aýratyn gyzyklanma döredýär. Şunda mekdep harytlarynyň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilýändigi örän guwandyryjydyr. Döwletiň garamagyndaky we hususy pudagyň wekillerine degişli kärhanalarda öndürilen okuw esbaplary — depderler, gündelikler, surat çekmäge niýetlenen albomlar, dürli kitapçalardyr beýleki okuw gollanmalary ýokary hilli harytlaryň üstüni ýetirmek bilen, göçme söwda nokatlaryna özboluşly bezeg berýär. Aýry-aýry bölümlerde ilata hödürlenilýän dürli biçüwdäki okuwçy lybaslarynyň, aýakgaplaryň bäsdeşlige ukyplydygyny bellemek has ýakymly.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar