Angliýanyň «Premier Ligasynyň» wise-çempiony «Arsenal» «Serie A»-nyň «Bolonýa» toparyndan 22 ýaşly italýan goragçysy Rikkardo Kalafiorini 5 ýyllyk şertnama bilen düzümine goşup, iňlis kluby oýunçynyň ozalky toparyna 45+5 million ýewro berer.
Türkiýäniň «Fenerbahçe» topary «Sewilýanyň» marokkoly hüjümçisi, 27 ýaşyndaky Ýussef En-Nesirini 19,5 million dollara transfer edip («Süper Ligiň» rekordy boldy), onuň bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.