Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary

2 Awgust 2024
167

Ýer ýü­zün­de jan­ly-jan­dar­la­ryň we ösüm­lik­le­riň müň­ler­çe gör­nü­şi bar. Ola­ryň kö­pü­si bi­ziň go­laý­jy­gy­myz­da ýa­şa­ýan hem bol­sa, ola­ryň bar­dy­gyn­dan ha­ba­ry­myz hem ýok. Kä­bir jan­dar­lar bol­sa şeý­le bir ki­çi we­lin, gö­re­ni haý­ra­na goý­ýar. Ine, ki­çi jan­dar­la­ryň we ösüm­lik­le­riň kä­bi­ri.

Ko­lib­ri. Bu guş­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup, esa­san, Ka­rib deň­zi­niň tö­we­re­gin­de ýa­şa­ýar­lar. Iň ki­çi gör­nü­şi­ne ba­la­ry ko­lib­ri­si (la­tyn­ça: «Mel­li­su­ga he­le­nae») di­ýil­ýär. Bu gu­şuň ho­raz­la­ry mä­ki­ýan­la­ryn­dan bir­ne­me ulu­rak – uzyn­ly­gy 6,1 san­ti­metr, ag­ra­my 2,6 gram bol­ýar. Mä­ki­ýan­la­ry­nyň ag­ra­my 1,95 g­ram, uzyn­ly­gy 5,5 san­ti­metr bol­ýar. Ko­lib­riniň äh­li gör­nüşiniň örän ki­çi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, aşa çalt ga­nat kak­ýar­lar we uç­ýar­lar. Bu guş­lar se­kunt­da 15-80 ge­zek ga­nat kakyp, ýü­re­gi mi­nut­da 1260 ge­zek ur­ýar. Gu­şuň esa­sy özü­ne çe­ki­ji aý­ra­tyn­ly­gy ho­wa­da sak­la­nyp du­rup, uçup bil­me­gi­dir. Hat­da olar ho­wa­da wag­ty gü­lüň şi­re­si­ni so­rup iý­mit­len­ýär­ler. Şeý­le-de, bu guş­lar yz­ly­gy­na we gap­dal­ly­gy­na hem uçup bil­ýär­ler. Ko­lib­ri­le­riň pe­ri örän ýal­pyl­da­wuk bo­lup, reň­ki we owa­dan­ly­gy bi­len özü­ne çek­ýär. Ko­lib­ri­niň di­ňe Ýa­maý­ka­da duş gel­ýän «Mel­li­su­ga mi­ni­ma» at­ly gör­nü­şi­niň uzyn­ly­gy 1 san­ti­met­re, ag­ra­my bol­sa 365 gra­ma ba­ra­bar­dyr.

Beýleki habarlar