Bileniň — baýlygyň

31 Iýul 2024
115

Marian çöketligi

Ýuwaş ummanyň Mikroneziýa adalar toplumynda, Marian çöketligi ýerleşýär. Magellan bu ýere «Latyn ýelkenleriniň adalary” diýip at dakýar. Ýerli ilatyň arasynda bu ýere «Ladrones” («ogrular adasy”) diýilýär. 1668-nji ýylda ol ýer Ispaniýanyň koroly Filipp IV-niň aýaly Mariýanyň ady dakylýar. Bu çöketlik Marian wulkaniki adalary bilen bilelikde 1,5 müň kilometre uzalyp gidýär. Bu çöketligiň düýbündäki basyş ýokarky gatlak bilen deňeşdireniňde, 1100 esse ýokarydyr. Umman çöketliginiň bu ýerine elmydama garaňky, janly jandar üçin ýaşamaga ýaramsyz bolandygy üçin «Düýpsiz Çellenjer” çöketligi hem diýilýär. Bu çöketlik Guam adalaryndan günorta-günbatarda ýerleşýär. Onuň ýerleşiş koordinatasy demirgazyk giňişligiň 11, 22°-da, gündogar uzaklygyň 142, 35°-da ýerleşýär.