Ýokary ruhubelentlik bilen

31 Iýul 2024
458

Şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerilip, Diýarymyzda islendik bir döwletli işiň başy tutulanda il-halk bilen geňeşilip, maslahat edilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Kararyň kabul edilmegi-de döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmak işleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene bir subutnamasy boldy.

Biz hem hormatly Prezidentimiziň bu umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýerli wekilçilikli edaralaryň wekilleri bilen raýatlar toparlarynyň arasynda duşuşyklary yzygiderli geçirýäris. Bu ähmiýetli duşuşyklarda edilýän çykyşlarda ýurdumyzda döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, täze sepgitlere ýetmekde, halk bilen döwletiň sazlaşykly işini dowam etdirmekde Halk Maslahatynyň giň gerimli işleri alyp barýandygy uly buýsanç bilen nygtalýar. Asylly däpleriň, döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowam bolýan döwründe geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini özgertmek, ýurdumyzy ösdürmek, raýat jemgyýetini berkarar etmek ugrunda döwletli çözgütleriň kabul ediljekdigine uly ynam bildirýäris.

Jemhurşa OMAROW,
Kerki etrabynyň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.