Berjaý edilmeli düzgünler

31 Iýul 2024
90

Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi, mähriban ildeşler, size gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, aşakdakylary ýatladýar!

Elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan amala aşyrylyp, enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik etmeli. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan elektrik enjamlar gurnalanda, elektrik tok ulgamy aýratynlykda geçirilip, elektrik tok geçirijiniň ugrunda goraýjy oturtmaly. Enjamlaryň birikdirijileriniň elektrik togunyň garşylyklaýyn geçip gyzmaklygynyň öňüni almak üçin olaryň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli. Elektrik geçirijileriniň sütünleri berkidilende, ýönekeý usulda sarap goýmak, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik geçirijileriniň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşini ulanmak, elektrik setini çendenaşa artyk işletmek ýa-da iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmak talabalaýyk däldir.

Welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi.