Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

30 Iýul 2024
187

Aşgabat, 29-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Beýleki habarlar