Işjeňlikde geçen maslahat

29 Iýul 2024
156

Babadaýhan etrabynyň jemgyýetilik guramalary tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakyndaky» Kararyndan gelip çykýan wezipeleri ilata düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde geçirilýär. Babadaýhan dokma toplumynyň mejlisler jaýynda edara-kärhanalaryň zähmetkeşleriniň arasynda geçirilen maslahat hem şeýle çäreleriň biri boldy.

Maslahatda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şatlykly wakalara ünsi çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna gabatlanyp, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy wakalaryň üstüni ýetirjekdigini buýsanç bilen nygtadylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň durmuşyndaky jemgyýetçilik-syýasy we taryhy ähmiýeti barada aýdylanlar has-da uly gyzyklanma döretdi.

Leýli BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.