Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

29 Iýul 2024
124

27-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar