Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

29 Iýul 2024
133

Arkadag şäheri, 27-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki wagtda Arkadag şäherini ösdürmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu bolsa täze şäheriň binagärlik keşbiniň döwrüň talabyna laýyk derejede özgerdilmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Beýleki habarlar