Milli “Ak bugdaý” muzeýine syýahat

26 Iýul 2024
228

Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýine Türkmenistanyň Demokratik we Agrar partiýalarynyň Ak bugdaý etrap komitetleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan syýahat guraldy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdy.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly, şeýle-de Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi mynasybetli guralan syýahat muzeýiň arheologiýa bölüminden başlandy. Dürli ýyllarda gadymy Änewiň taryhy ýerlerinde geçirilen ylmy barlag, gazuw işleri netijesinde tapylan eksponatlar agzalan bölümiň esasy gymmatlyklarydyr. Syýahata gatnaşanlar Änewiň taryhy depelerinden tapylan, bäş müň ýyl mundan öň ösdürilip ýetişdirilen bugdaýyň ilkinji dänelerini uly gyzyklanma bilen synladylar.

Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.