Malaýziýanyň täze Patyşasy

26 Iýul 2024
105

20-nji iýulda Soltan Ybraýym Ysmaýyl Kuala- Lumpurdaky Milli köşkde geçirilen dabarada resmi taýdan Malaýziýanyň täze Patyşasy boldy. Dabara ýurduň Premýer- ministri Anwar Ybraýym, Ministrler Kabinetiniň agzalary, şeýle hem Bruneýiň Soltany Hasanal Bolkiah we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa ýaly daşary ýurtlardan gelen ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy. Ýurduň Premýer- ministri Anwar Ybraýym Malaýziýanyň halkynyň adyndan Patyşany gutlady, iň ýokary hökümdaryň halkyň agzybirliginiň we gülläp ösmeginiň nyşanydygyny belledi. Malaýziýanyň 17-nji Patyşasy Ybraýym Ysmaýyl geçen ýylyň 27-nji oktýabrynda bu wezipä saýlanyp, şu ýylyň başynda tagta çykypdy. Ýurduň ýokary ýolbaşçysy, esasan, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirýär. Konstitusiýa laýyklykda, hökümetiň islendik karary onuň adyndan we razylygy bilen kabul edilýär, ýöne iş ýüzünde monarh hökümetiň ýa-da mejlisiň tekliplerine esaslanyp, karar kabul edýär. Ýurtda mirasdüşer soltanlaryň döwlet Baştutany wezipesine geçmeginiň özboluşly ulgamy bar. Ol öz orunbasary (wezir) bilen bilelikde ikinji möhlete gaýtadan saýlanmak hukugy bolmazdan bäş ýyllyk möhlete saýlanýar. Dalaşgär 1957-nji ýylda, Patyşa wezipesi döredilende düzülen sanaw boýunça kesgitlenýär. 1958-nji ýylda doglan Ybraýym Ysmaýyl bu wezipä gelmezden öň Johor ştatynyň häkimidi.