Bagbanyndan hereket, baglarynda bereket

23 Iýul 2024
157

Tomus pasly bagbanlaryň iň köp alkyş alýan döwri bolsa gerek. Çünki miweleriň köpüsi hut şu pasylda bişip, giňden ýazylan döwletli desterhanlaryň üstündäki naz-nygmatlaryň arasynda mynasyp orun tapýar. Öňem elýeterli bahalardan köpçülige hödürlenýän miwe önümleriniň hyrydary bu döwürde gün-günden köpelýär. Çünki bag ekmegiň sogaplydygyna durky bilen uýýan zähmetsöýer adamlaryň müňlerçesi hut şu pasylda öz çeken zähmetleriniň rehnedini görýär. Görseň gözüňi dokundyrýan miweler tapgyrma-tapgyr ak bazarlaryň berekedini artdyryp, göreniň gözüni dokundyrýar. Bazarda miwe önümleri näçe köp boldugyça, şonça-da olaryň elýeterliligi artyp, alyjylaryň satyn alyjylyk mümkinçilikleriniň ýokarlanýandygy hem hemmä mälim hakykat. Biri-birinden datly önümleri dadanlaryndan soňra, olary ýetişdirýänlere gowudan-gowy alkyşlar aýdýarlar, şeýle janypkeş adamlara jan saglyk, uzak ömür, olaryň işlerine rowaçlyk arzuwlap, doga-dileg edýärler. Ine, şeýle bagbanlaryň ýüzlerçesi häzirki döwürde gadymy Merw topragynda, Mary welaýatynda ýaşap, işläp il alkyşyny alyp ýörler.

Bagbançylykdan baý tejribe toplap köplere nusgalyk iş bitirýänler bilen baglanyşykly söhbet açylanda, bu günki gün 80 ýaşy arka atyp, 90 ýaşy ortalan, Murgap etrabynyň Gökdepe geňeşliginde ýaşaýan tejribeli bagban Kössek Aşyrowyň ady ilkinjileriň hatarynda agzalmaga mynasypdyr. Tä pygamber ýaşyna ýetinçä, ady agzalan sebitiň Oguzhan ýaýlasynda elinden pilini düşürmän, gowaça, bugdaý, şugundyr ýaly oba hojalyk ekinlerinden ýylyň-ýylyna bol hasyl alyp, köplere görelde görkezen bu jepakeş adam hormatly dynç alşa çykandan soň, bagbançylyk bilen ymykly meşgullanmagy ýüregine düwdi. Ol öz ýaşaýan obasyny alkymlap oturan, ady agzalan etrabyň «Murgap» daýhan birleşigine degişli bolan 4 gektara golaý ýeri daýhan birleşiginiň ýolbaşçylaryndan haýyş edip aldy-da, ony resmileşdirip, alan ýeriniň 3 gektaryna baglaryň dürli görnüşlerini, galan ýerine bolsa üzüm ekip, ýetişdirdi. Ençeme ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden saýlama miweli agaç nahallary getirilip düýbi tutulan bagly meýdan, bu günki gün hasyllylygy, goýry kölegeleri bilen «Tüweleme» diýdirýär. Çünki ýylyň dört paslynda-da idegi kemsiz ýetirilýän miweli baglar indi ençeme ýyldan bäri ýylyň-ýylyna bol hasyl getirip, diňe goja bagbany däl, eýsem, onuň obadaşlaryny, dost-ýarlaryny, tanyş-bilişlerini hem guwandyrýar. miweleriň bişen wagty Kössek agalara myhmançylyga baran adamlaryň goja bagbanyň kemala getiren bereketli baglarynyň miwesinden datman gaýdýany ýok. Üstesine-de, bu ýerde ýetişdirilip, ýylyň-ýylyna miweleriň bişen wagtynda olaryň ençeme tonnasy diňe etrabyň çäginde däl, eýsem, welaýatyň başga ýerlerinde ýaşaýanlar üçin hem elýeterli bolýandygy köpleri begendirýär.

Seýitmyrat ATAMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.