Jebislik. Agzybirlik. Bitewülik

22 Iýul 2024
192

20-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek, degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň gazanylýan üstünliklere buýsanyp, döwletimiziň beýik geljegine uly ynam bilen garap, jebislikde, agzybirlikde zähmet çekýändigi nygtaldy. Şunda ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmak meselelerinde toplan baý taryhy tejribesi, milli aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, jemgyýetimiziň agzybirligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meseleleri ilatyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giňden çekmek arkaly maslahatlaşyp çözmek bilen bagly ýörelgeleri barha giň gerim alýar. Ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgelere laýyklykda, ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerini geçirmek we syýasy, ykdysady we durmuş ugurlaryna degişli taryhy ähmiýetli meseleleri çözmek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

«Nesil».