Ýaşaýyş jaýlarynyň ätiýaçlandyrylyşy

17 Iýul 2024
209

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ätiýaçlandyryş işleri hem güýçli depginde kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş maksady döwletiň, kärhanalaryň, raýatlaryň bähbitlerini goramakdan ybarat bolup, bazar gatnaşyklaryny, ätiýaçlandyrylýan müşderileriň isleglerini hasaba almak bilen, täze birnäçe kadalary taýýarlady. Olardan müşderileriň arasynda, esasanam, «Fiziki şahslara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryş» kadasy bähbitli bolup durýar. Onuň esasy wezipesi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe tötänleýin bolan hadysalar esasynda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan ybaratdyr.

Fiziki şahslaryň eýeçiliginde bolan ýa-da olar tarapyndan kanuny esasda ulanylýan, hemişelik ýaşaýan ýerinde gurnalan diwarlar hem-de üçegi bolan jaýlar (ýaşaýyş jaýlary, bagçylyk öýleri, ulag jaýlary, kömekçi we hojalyk jaýlary) meýletin ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar. Olara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryş aşakdaky ätiýaçlandyryş halatlary netijesinde ýok bolmagyndan ýa-da olara zeper ýetmeginden geçirilýär, ýagny:

Gülşen BABAÝEWA,
Görogly etrabynyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň esasy hünärmeni.