Şadyýan tomus

17 Iýul 2024
230

Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň sagdyn ösüp ulalmagy, çagalaryň göwnejaý dynç almagy üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri ýaş nesilleri diýseň begendirýär, buýsandyrýar. Häzirki wagtda dowam edýän tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmekde welaýatymyzda ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde döwrüň talabyna laýyk işler ýola goýulýar. Dynç alyş möwsüminde ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin bu ýerde ähli mümkinçilikler bar. Dynç alyş merkezinde welaýatymyzyň dürli künjeginden bagtyýar nesilleriň ýüzlerçesi wagtlaryny şadyýan geçirýärler.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Atažan ODAÝEW.