Sahawatly topragyň berekedi

17 Iýul 2024
204

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. «Oguz han» köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy.

«Oguz han» köşkler toplumynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň elleri bugdaý desseli hem-de däneden doly horjunly ýaşajyk wekilleri Arkadagly Gahryman Serdarymyza şanly waka mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler. Çagalar hormatly Prezidentimizi bereketli türkmen topragynda bol galla hasylyny ösdürip ýetişdiren daýhanlaryň öndürijilikli zähmetini, ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işleri wasp edýän goşgulary okadylar. Şahyrana setirlerde Watanymyzyň sahawaty, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlykly wakalary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler öz beýanyny tapýar.

«Aşgabat».