Magtymguly Pyragy döredijilik äleminiň öçmez nurudyr

12 Iýul 2024
249

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda beýik akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak babatynda edilýän tagallalar ildeşlerimiziň her birinde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde adamkärçiligiň, halallygyň, watanperwerligiň, parasatlygyň, kiçigöwünligiň, kanagatlylygyň, myhmansöýerligiň we adama mahsus bolan beýleki oňat häsiýetleriň ählisi çeper we çuňňur beýan edilýär.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi pähim-parasady, baky taglymy bolan şygyr diwanlary halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň joşgunly aýdymy bolup ýaňlanýar. Dana atamyz öz halkyna we bütin adamzada hyzmatlary bilen türkmenleriň hem-de beýleki halklaryň kalbynda çuňňur orun almagy başaran şahyrdyr. Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde halkynyň egsilmez baýlygy bolan ata-babalarymyzyň gözel mirasyndan ylham we kuwwat alýar. Şoňa görä-de, onuň goşgulary her bir ynsanyň ruhuna ornaşýar.

Oguljeren HUDAÝBERDIÝEWA,
Kaka etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.
Beýleki habarlar