Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyz il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli taryhy wakalara juda baý. Şol wakalaryň her biriniň özeninde agzybir hem-de merdana halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmaga, eziz ýurdumyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmäge gönükdirilen beýik maksatlar bar. Geçen hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň, halkymyzyň ýalkanan ykbaly bilen bagly bolan ýakymly wakalar munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.
BMG-niň Baş Sekretary Aşgabatda boldy