Halklary birleşdirýän gymmatlyklar

5 Iýul 2024
262

Magtymguly atamyzyň: «Ýagşa dost köp, ýaman bolsaň, ýok gardaş» diýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürip, halklaryň arasynda dostluk köprülerini gurýar. Dostanalyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Diýarymyzyň iri halkara guramalary bilen gatnaşyklary-da barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň abraýly halkara düzümleriň çäklerinde geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklara, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlislerine yzygiderli gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Biziň ýurdumyzy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hoşniýetli erk-isleg, taryhda emele gelen medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bu gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň geçen ýyl sanly ulgam arkaly geçirilen 23-nji mejlisinde eden çykyşynda bu barada: «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar Türkmenistan üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu guramanyň agzalary, oňa synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlarydyr. Şoňa görä-de, bu gurama bilen gatnaşyklary ösdürmäge biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek diýip düşünýäris» diýip belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol çykyşynda kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmak, täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistika işiň amatly usulyny emele getirmek; energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmek, ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýady döretmek, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen baglanyşykly öňe süren teklipleri oňa gatnaşyjylar tarapyndan uly seslenmä we goldawa eýe boldy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artýandygynyň buýsançly görkezijisidir.

Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.