Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOWYŇ «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan:
— Kakam her gezek döwlet, halk bilen bagly ýerine ýetirilmeli işleri düşündirende: «Döwletiň, halkyň ykbalyna dahylly zatlarda ownuk mesele diýen zat bolmaýar. Her bir işe juda jogapkärçilikli çemeleşmelidir. Halkyň bähbidine bolan her bir mesele möhüm meseledir» diýip, pugta aňymyza guýdy.