Hakydada ýaşaýan ýatlamalar

5 Iýun 2024
394

Beýik şahsyň ýaşan, okan, atasyndan tälim alan, öçmejek yz galdyran setirlerini dünýä inderen, Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly gören, eşiden we ýadymda galan wakalary paýlaşmagy ýerlikli hasap edýärin. Men Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyndaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdepde 1960-1961-nji okuw ýylynda birinji synpda okuwa başladym. Şol ýylyň güýz aýlary mekdebimiziň meýdançasynyň görnükli ýerinde «Bu ýerde Gündogaryň beýik akyldary Magtymgyly Pyragynyň heýkeli oturdylar» diýen ýazgyly owadan daş goýuldy. Hut şol ýyl hem Magtymguly Pyragynyň doglan senesine bagyşlanan dabaralar geçirildi.

Etrap merkezine Aşgabatdan artistler geldiler. Biz olaryň çykyşlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşypdyk. Ine-de, artistleriň ýerine ýetirmeginde akyldar şahyryň ömür pursatlaryna degişli sahna oýny görkezildi.

Oraztagan TAGANMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri.
Beýleki habarlar