Ruhy sütünimiziň almaz täji

22 Maý 2024
325

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy gymmatly edebi mirasy bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Ol türkmen halkynyň ruhy sütüniniň almaz täjine deňelmek bilen, dana söz ussadynyň: «Her sözüm bir dürdür gadryn bilene» diýip nygtaýşy ýaly, şahyryň her bir sözi, her bir setiri çäksiz umman deýin giden bir manyny, akyl-paýhasy, ynsanperwer garaýyşlary özünde jemleýär.

Gymmatly pikirleri bize miras galdyran Magtymguly Pyragynyň dünýäde sarpalanmagy onuň halkara derejede ykrar edilen şahsyýetdigini açyk-aýdyň görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar» diýip belläp geçmegi hem munuň subutnamasydyr. Şonuň bilen birlikde, dünýäniň alymlary, edebiýatçylary, jemgyýetçilik işgärleri dana Pyragynyň edebi mirasyna ýokary baha berýärler. Ajaýyp şygyrlary dünýä beren beýik söz ussadynyň eserleri türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşen ynsanperwer ýörelgelerini, gymmatlyklaryny Ýer ýüzüne ýaýmakda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Dünýä halklary Magtymguly Pyragynyň dürli dillere terjime edilen şygyrlary arkaly halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ruhy dünýägaraýşy, medeniýeti, şöhratly taryhy, edim-gylymlary bilen tanyş bolýarlar. Hut şonuň üçinem dana şahyryň türkmeniň ýürek owazy bolup ýaňlanýan edebi mirasy umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda durýar hem-de göwünlere ganat berýär. 

Uzbibi Nurberdiýewa,
Gyzylarbat etrap raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar