Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

18 Maý 2024
394

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz we rus kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de bar bolan köpugurly mümkinçilikleri, Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny hasaba almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň Türkmenistanda, hususan-da, paýtagtymyzda birnäçe wajyp düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýändigi nygtaldy.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar