«Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna...»

18 Maý 2024
396

Ýurdumyzda toýlar dowamly tutulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlaryň gabarasy has-da üýtgeşik. Çünki üstümizdäki ýylyň dana akyldarymyzyň ady bilen baglydygy-da köp zady aýan edýär. Çawy dünýä ýaýran Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen akyldary bolman, umumadamzat şahyrydyr. Şonuň üçin doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly toýuny ençeme halklar, ençeme döwletler toýlaýarlar. Akyldaryň düre deňelýän şygyrlaryny öz dillerine terjime edip, okyjylar köpçüligine ýetirýärler, ozal terjime edilenlerini gaýtadan neşir etdirýärler. Şahyryň şanly senesi mynasybetli dabaraly çäreleri geçirýärler.

Düýn Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda ýaýbaňlanan dabaraly çäreler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahat bilen başlandy. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen bu maslahatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda Gündogaryň beýik danasynyň çuňňur paýhasynyň, filosofiýasynyň umumadamzat gymmatlygydygy nygtaldy. Pyragyny dünýä jemgyýetçiligine has ýakyndan tanatmagyň, döredijiligini öwrenmegiň ünsden düşürilmän, häzirki depginde dowam etmegiň zerurlygy barada aýdyldy.

«Arkadag»
Beýleki habarlar